Ýokanç kesel nädip ýaýraýar?

COVID‑19 ýokanjy bilen kesellemäniň iň giň ýaýran ýoly — näsagyň üsgüreninde ýa-da asgyranynda burnundan ýa-da agzyndan bölünip çykýan ownujak damjalardyr. Bu damjalar adamy gurşap alýan predmetlere we tekizliklere geçýär. Beýleki adamlar  ilki bilen şol predmetlere ýa-da tekizliklere galtaşyp, soňra bolsa, gözlerini, burnuny ýa-da agzyny elläp, bu kesel bilen keselläp bilerler.

Mundan başga-da, kesel şol damjalardan dem almak arkaly hem geçip biler. Hut şonuň üçin hem BSGG näsag adamdan 1 metrden gowrak daşlykda durmagy maslahat berýär.

Hiç hili kesel alamatlary ýok bolan adamdan keseliň geçip bilmek howpy örän az bolsa-da, şeýle howp bardyr. Şunlukda, COVID‑19-yň alamatlary irki döwürde heniz ýüze çykmaýar ýa-da örän gowşak bolýar.

Inkubasion döwür dürli bahalandyrmalara görä 1-den 14 güne çenli ýetýär. Keseliň organizmde ösmeginiň ortaça wagty – 5 gün.