Siz öz ene-ataňyz bilen näme barada gürrüňdeş bolýarsyňyz? Belki mekdepde bolup geçen wakalar barada ýa-da öý işleriňiz baradadyr? Şahsy maslahat almak üçin bolsa belki-de olara ýüzlenmek isleýän dalsiňiz. Emma bu mümkinçiligi hut olara berseňiz, onda boljak netijä haýran galmagyňyz hem mümkin. Edil ene-ataňyz ýaly size söýgisini we mährini siňdirip, aladaňyzy etjek hiç bir adam ýokdur - hatda siz olardan daşlaşjak bolup jan etseňiz hem diýip, psiholog lukmanlar nygtaýar. Ene-ataňyz bilen gepleşmek siziň özüňizi ýene-de çaga ýaly alyp barýandygyňyzy asla aňlatmaýar. Siz olaryň pikirini sorarsyňyz, belki kä wagt siz olar bilen ylalaşmarsyňyz. Ýöne ene-ataňyz bilen gürrüňdeş bolmagyň siz üçin bähbitlidigine göz ýetirersiňiz.....Indi näme gürrüňlerden başlasaňyz gowy bolarka?