Aýbaşynyň başlanan we gutaran gününi, onuň dowamlylygyny bellemek nämä gerekkä? Ähli zady resmileşdirmek üçin däldigi-hä anyk. Ilkinji nobatda, aýbaşy kalendary, yzygiderliligi anyklamaga, aýbaşynyň garaşylýan gününi, owulýasiýa günlerini çaklamaga kömek edýär we aýbaşy aýlawy bozulan halatynda zerur bolanda anyklamaga ýardam berýär.