Bu endikden doly saplanmak we dyrnak gemirmäni bes etmek üçin ilki biz bu hereketi näme üçin edip başlaýandygymyzy anyklamaly. Çünki dyrnak gemirmeklik – bu buz dagynyň çür depejigi, ýagny diňe görünýän bölegi. Emma bu mesele bilen içinden göreşmeli. Dyrnagyňy (şeýle hem barmaklaryň syzylaryny) gemirmek endiginiň aýratyn häsiýete eýedigine düşünmeli. Ol gönüden-göni adamyň psihologik ýagdaýy hem-de adamyň kadaly öz-özüni alyp barşynyň bozulmagynyň netijesi bolup durýar. Dyrnagyňy gemirmeklik — bu özüň akyl ýetirmezden edilýän endik, biziň erkimizden we aňymyzdan daşary bolup geçýän hereket. Ony näme döredýär?