Seniň bedeniň – seniň işiň. Hiç kim seniň bedeniň araçägini senden rugsatsyz geçip bilmez. 

Bular ýönekeý hakykatlar ýaly görünýärmi? Emma hakykatda, hemme zat beýle ýönekeý däl. 

Haçanda kimdir biri seniň bedeniň araçäklerini geçen ýagdaýynda özüňi oňaýsyz duýsaň, özüňi howp astynda duýsaň, onda, şu kada görä hereket et: “Ýok diý – daşlaş – aýt” 

Bu kada näme? Haçan bu kadany ýerine ýetirmeli? Bu kadany nähili ýerine ýetirmeli?