Siz bilýärdiňizmi…
- Çagaňyz siz bilen ösüp ýetişmek barada gürrüňdeş bolasy gelýär. Hakykatdan-da, ýaşlar köp halatlarda öz ene-atalaryny reproduktiw saglyga degişli meseleler boýunça çözgütlere has netijeli täsir ediji hasap edýärler.
- Geçirilen ylmy barlaglar ýaşlaryň reproduktiw saglyk barada dürs maglumat alandan soň, özüni has jogapkärli alyp barmaga ýykgyn edýändigini görkezdi.
- Reproduktiw, ýagny önelge saglyk baradaky bilimi biziň beden saglygymyz hakdaky düşünjeden has giňdir. Bu biziň bedenimize, şahsymyza, gymmatlygymyza we sagdyn gatnaşyklary emele getirmegimize dogry düşünmekdir.