AÖA garşy nädip göreşmeli?

Aýbaşydan öň we aýbaşy wagtynda birnäçe günläp, kähalatlarda bolsa hepdeläp oňaýsyz ýüze çykmalara hemme zenan çydap gezip bilmeýär.

Bu ýagdaýyň täsirini azaltmagyň birnäçe usuly bar:

Berhiz. Aýbaşy başlamazdan öň, kähalatlarda biygtyýar, süýjüden ýa-da kakadylan ýeralmadan doýasyň gelýär. Iň gowusy gowşaklyga ýol bermeli däl — ýogsam, ol beýleki alamatlary — ýokary çişginlik, şeker bolsa – agram ýüze çykaryp biler. Adaty bolşy ýaly iýmitleniň, çylşyrymly uglewodlary (dürli ýarmalar, makaronlar, mekgejöwen, ýeralma, kösükli we ş.m.) we beloklary (et, balyk we beýlekiler) köpräk iýiň — olar organizm üçin esasy gurluşyk materiallarydyr. Witaminleri — miwelerdir gök önümleri hem unutmaň.

Sport. Fiziki işjeňligiň şadyýanlyk getirýändigi anyk hakykat. Sport bilen yzygiderli meşgullanmaklyk netijesinde AÖA-nyň ýaramaz alamatlaryny kadalaşdyrmaga ukyply gormonlar bolan endorfinler işlenip taýýarlanylýar we serotoniniň (bagt gormonynyň) derejesi ýokarlanýar.

Elbetde, aýbaşy döwründe fiziki işjeňligi azaldanyňyz gowy. Adaty türgenleşiklere derek onuň ýeňilleşdirilen görnüşine geçiň ýa-da başga bir işjeňlik saýlaň — ýumşak ýoga, gimnastika maşklary, açyk howada gezelenç.