AÖA näme?

Aýbaşydan öňki alamatlar  (AÖA) hemme zenanda bolanok. Aýbaşy döwrüniň tamamlanmagyna birnäçe gün galanda ýa-da ilkinji günlerinde, aýbaşy tamamlanýança içiň, kelläň agyryp, bogunlaryň syzlap bilýär, çalt-çaltdan keýpiňiz  üýtgeýär. Başga-da bolup biläýjek alamatlar  — agramyň artmagy,  bedende  az-owlak  çiş bolup suwuklygyň saklanmagy, iç geçme ýa-da iç gatama, tagam alyşyň we  işdäniň üýtgemegi.

Eger-de  bu biynjalyklyklar derrew geçýän bolsa we siziň gündelik durmuşyňyza hiç hili täsir etmeýän bolsa,  onda bu  bedeniň  geljekki aýbaşa  kadaly jogaby hasaplanýar.

Eger-de alamatlar örän güýçli bolup, size işlemäge, okamaga  päsgel berýän bolsa, onda bu ýagdaý KADALY DÄL. Her aýbaşyda gaýtalanýan alamatlar, köp mukdardaky gan bölünip çykmasy, ganyň iri-iri lagtalanmagy we ş.m. — lukmana gyssagly ýüz tutmalydygyny aňladýar.