Zenanlar aýbaşy kalendaryny nähili ýöretmeli?
Häzirki zaman tehnologiýalary bu soraga ýönekeý jogap berýär. Häzirki wagtda smartfonlar üçin köpsanly programmalar bar — aýbaşynyň çen bilen başlanýan senesini ýatladýan kalendarlar, özüňi duýşuň we şähdiň, üýtgäp durýan agramyň we ş.m. barada ýazgylary bellemek üçin elektron bellikler. Bu programmalary ýöretmeklik dolulygyna awtomatlaşdyrylan bolup, aýyň dowamynda 7-den 10 minuda çenli wagt alýar.
Şeýle kalendar — şahsy saglygyňa gözegçilik etmek üçin ykjam serişde. Ähli zatlary kellede saklamak gerek bolmaz. Syýahata gitmegi meýilleşdirmek zerurlygy ýüze çykanda ýa-da lukmanyň aýbaşy döwrüniň dowamlylygy, agyrylar, näsazlyklar hakdaky soraglaryna jogap bermeli bolanda, öz bellikleriňize seredäýmek ýeterlik.