Çagalykda APW-den sanjym – howply täze döremäniň mugt öňüni almagyň usuly

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi eýýäm 2016-njy ýylda sanjymlaryň sanawyna täze we möhüm sanjymy girizdi: 9-dan 15 ýaş aralygyndaky oglanlaryň we gyzlaryň ählisi üçin adam papilloma wirusyna (APW) garşy mugt sanjym.

Bu möhüm, zerur hem dogry sanjym. Geliň, munuň sebäbini anyklalyň.

APW näme?

Adam papilloma wirusy ýa-da APW — dünýäde iň ýaýran keselleriň biridir. Dürli hasaplamalara görä, Ýer ýüzüniň jyns nukdaýnazaryndan işjeň ilatynyň 80%-i bu kesel bilen keselländir. Bu az san däl.

Çünki wirusyň 100-den gowrak görnüşi bar, şolaryň azyndan 14 görnüşi howply täze döremä sebäp bolup bilýär.

Mysal üçin, ýatgy boýunjygynyň rak keseliniň ýüze çykarylan ýagdaýlarynyň 70%-i APW (16 we 18 görnüşleri) sebäpli dörändir.

Nädip kesellemegiň öňüni almaly?

APW, esasan, jyns ýollary arkaly ýokuşýar we adamlaryň aglabasy jyns gatnaşyklaryna başlanlaryndan soň gysga wagtda bu ýokanç bilen keselleýärler.

Mundan gaçyp gutulmak üçin, jyns gatnaşyklaryna başlamazdan ozal (9-dan 15 ýaşda) Türkmenistanda oglan-gyzlaryň ählisi APW-e garşy sanjym almaly. Köplenç halatda sanjymlar mekdeplerde immunizasiýalaşdyrmak kampaniýasynyň çäginde geçirilýär.

Eger-de nähilidir bir sebäbe görä, mekdepde çaga APW-e garşy sanjym edilmedik bolsa, bu mesele boýunça hökmany suratda salgyda duran ýeriň boýunça Saglyk öýüne ýüz tutmaly.

Möhüm! 9-15 ýaş aralygyndaky çagalara sanjym mugt edilýär. Ol howpsuz we täsirlidir.

Näme üçin 9-dan 15-e çenli ýaş bellenilen?

APW garşy sanjym sanjymlaryň senenamasynda 9 ýaşdaky çagalaryň ählisine bellenilendir — jyns işjeňligine başlamazdan öň alynsa, ol has täsirlidir. Ony ýarym ýyl arasynda wagt salyp iki gezek edýärler — ýazyna we güýzüne.

Adatça sanjym mekdeplerde umumy immunizasiýalaşdyrmak kampaniýasynyň çäklerinde edilýär. Ýöne kähalatlarda sanjym güni çaga saý sebäp bilen mekdepden galyp biler — ýarawsyzlyk sebäpli, sanjym gapma-garşy görkezilen ýa-da beýleki sebäpden.

Bu ýagdaýda ene-atalar ýazgyda duran ýerleri boýunça Saglyk öýlerine ýüz tutmaly we näme etmelidigini anyklamaly? Adatça şeýle çagalar üçin indiki ýarymýyllykda sanjymyň belli bir mukdaryny ätiýaçlyk goýýarlar.

Sanjym nähili edilýär?

9 ýaşdaky çagalar üçin sanjym işi arasyna 6 aý salyp 2 tapgyrda edilýär.

Beýleki sanjymlardan öň bolşy ýaly, bu sanjymdan öň hem çaganyň umumy ýagdaýy we allergiýanyň barlygy ýa ýoklugy barada çaga lukmanyndan maslahat almaly.

Näme sançýarlar?

Türkmenistanda çagalara APW garşy Merck & Co  farmaseptik kompaniýasynyň öndüren Gardasil dörtwalentli sanjymy edilýär.

Bu serişde APW-niň genital kondilomalary we  siňňilleri, wulwalaryň, ýatgy boýunjygynyň, aýallaryň jyns organlarynyň, erkekleriň ujyzlarynyň, anusyň (erkeklerde) howply täze döremesini döredýän 6, 11, 16 we 18 görnüşleri üçin täsirlidir.

Gardasil düzüminde simap, janly ýa-da öli wiruslary däl-de, wiruslara çalymdaş bölejikleri saklaýar. Olar adam bedeninden köpelip bilmeýär. Olar diňňe immun jogabyny ýüze çykarýar.

Sanjym näçe wagtlap täsir edýär?

APW-e garşy sanjym ilkinji gezek 15 ýyl mundan öň edildi. Şol wagtdan bäri «birinji tolkunyň» immuniteti heniz hem işjeň ýagdaýda saklanýar — wirusdan goraýan antibedenjikleriň derejesi ýokary. Hünärmenler sanjym uzak ýyllaryň dowamynda goragy üpjün edip biler diýip ynanýarlar, hatda ol tutuş ömür hem dowam edip biler.

Uly ýaşlylara sanjym bolýarmy?

Hawa. Eger-de siz haýsy hem bolsa bir sebäbe görä, APW-e garşy sanjymy çagalykda sypdyran bolsaňyz, ony has giçki ýaşda hem – 26 ýaşa çenli – edip bolar. Onuň täsirli bolmagy üçin, sanjymy üç gezek etmeli: birinji we ikinji sanjymlaryň arasy 1-2 aý bolmaly, üçünji gezek – ýarym ýyldan soň etmeli.

Möhüm! APW sanjymy näçe ir edilse, şonça-da gowudyr. 16-dan 26 ýaşa çenli aralykdaky 20 541 sany aýallarda we gyzlarda geçirilen barlaglar sanjymyň 97,9%-den 100%-e çenli täsirliligini subut etdiler.

Eger-de sanjym almasaň näme?

APW-e garşy sanjym almasaň, bedende onkogen wiruslarynyň ýaýrama howpy ýokary bolýar.

Möhüm!: APW garşy sanjym ýatgy boýunjygynyň howply täze döremesine getirmeýär, ol ondan we howply täze döremeleriň beýleki görnüşlerinden goraýar.

Ýatgy boýunjygynyň howply täze döremesi — howply täze döremeleriň dünýäde ýaýran dördünji görnüşi. Netijede, 2018-nji ýylda bu keseliň 570 müň töweregi täze ýagdaýy hasaba alyndy. Bu kesel aýallaryň arasynda onkologik kesellerden aradan çykmak ýagdaýynyň 7,5%-niň sebäbi bolup durýar. Her ýylda ýatgy boýunjygynyň howply täze döremesinden 311 müňden gowrak aýallar aradan çykýar.

Bu APW-niň aýallaryň hem erkekleriň bedeninde  döredip bilýän beýleki howply täze döremelerini hasaba almanyňda şeýle.

Sanjymdan başga-da, kesellemezlik üçin näme etmeli?

Jogap: aýallar APW-ýokanjy boýunça yzygiderli skrining etmeli. Skrining howply täze döremelerden öňki bozulmalary heniz ýeňil bejerip bolýan tapgyrlarynda ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Bu ýatgy boýunjygynyň howply täze döremesiniň 80% ýagdaýynyň öňüni almaga mümkinçilik berýär.

Şeýle hem immun ulgamy elmydama berkidip durmaly we saglygyňa gözegçilik etmeli.

Howp faktorlary:

- Immunitetiň bozulmagy

- ugurdaş ýokançlaryň bolmagy

- irki ýaşda çaga dogrumlary

- temmäki ulanmak.

GEÇIŞ

APW-niň organizmde ýaýramagynyň täsirleriniň öňüni almaklyk, olary bejereniňden has ýeňildir. Özüňi howply täze döremeleriň birnäçe görnüşlerinden goramak üçin iki sany sanjym (9 ýaşdaky çagalar üçin mugt) ýeterlikdir. Munuň özi eýýäm ep-esli öňegidişlik.

Galyberse-de, bu siziň geljegiňize gönüden-göni täsir edýär: ömrüňi doly ýaşamaga, çagalary dogurmaga mümkinçilik berýär.