Adamlar näme üçin el gysyşyp salamlaşmaga başlapdyrlar?

El gysyşmak – rysarlaryň sag elinde ýaragynyň ýoklugyny alamatlandyrýan däbi. Muňa garamazdan, baryp biziň eramyzdan öň hem Mesopotamiýada elleşilip salamlaşylýandygy barada maglumat bar.

Tutuş adamzat taryhynda elleşip salamlaşmagy gadagan etmäge hem synanyşyklar bolupdyr — bu hut dürli keselleriň epidemiýasy wagtynda şeýle bolupdyr. Soňky synanyşyk — XX asyryň 20-nji ýyllarynda dünýäde ispan dümewi ýaýran wagtynda bolupdyr.

Türkmen däp-dessurynda hem salamlaşmagyň aýry ýeri, özüne mahsus ýörelgeleri bar. Uly elini uzadanda, ýaşlaryň oňa hormat bilen iki elini bermegi edeplilik saýylýar.