Eger bardy-geldi meniň bilen elleşip salamlaşjak bolanlarynda men näme etmeli?

Endiklerden ýüz öwürmek örän kyn, elleşip salamlaşmak iň aýdyň endikleriň biri. Hatda size tarap el uzadanlarynda hem siz onuň bilen galtaşmadan ýüz öwrüp, ony öýkeletmän bilersiňiz.

- Eliňizi jübiňizde saklaň

- eliňize nämedir bir zat alyň: torba, kitap, saýawan – bu siziň elleşip bilmezligiňiziň sebäbini «delillendirer»

- baş atyp, onuň dostana hereketine jogap hökmünde ýylgyryň

- «Meniň pikirimçe, bu häzir artykmaç. Ýöne sizi görenme şat!» diýiň.

- Ýa-da häzir elleşip salamlaşmak üçin oňat wagt däldigini göni düşündiriň.