Eger-de maňa düşünmeseler näme?

Aslynda bu soragy dürli görnüşde tutuş dünýä öz-özüne berýär. «Bu gödek bolmazmy?», «Muňa meniň dostlarym nähili baha berer?», «Beýle etmek bilen töwerekdäkileri gorkuzyp oturmak gerekmi?», «Daşyndan geň görülmezmi?».

Elleşip salamlaşmakdan ýüz öwürmegiň peýdalydygyna akyl ýetirmeli. Ol siziň WE töweregiňizdäkileriň saglygy üçin PEÝDALYDYR. Bu örän möhümdir, çünki «öz eliňde» agyr keseli getirmek ýeňil, ony bejermek bolsa, ençeme esse agyr.

Eger-de durmuş taýdan zerur bolmasa, fiziki galtaşmalardan saklanmagyň zerurdygyna dünýä akyl ýetirýär. Şonuň üçin siziň islegiňiz kimdir birinde närazylyk döretse-de, berk binýada — özüňi goramak zerurlygyna daýanyp biler.