Elleşip salamlaşmagyň nämesi howply?

Geliň boýun alalyň, eller — bedeniň iň arassa bölegi däl. Biz elmydama nämedir bir zatlary elleýäris, nämedir bir zatdan ýapyşyp durýarys. «Menden öň bu ýere kim galtaşdyka?» diýen soragy hem özümize örän seýrek berýäris. Soňra bolsa, maňlaýymyzy, gözümizi gaşaýarys, dodagymyzy elleýäris — şeýdibem, ellän bakteriýalarymyzy, mikroblary we ýokançlary nemli agzalarymyza golaý getirýäris. Şol ýerlerden hem olar aňsatlyk bilen ýokuşyp bilýär!

Beýleki biriniň elinden haýsydyr bir kesel almak howpy örän ýokarydyr. Gürrüň diňe bir COVID-19 hakynda däl.

Galtaşmanyň üsti bilen şular geçip bilýär:

- aşgazan-içege traktynyň ýokançlary: salmonella, dizenteriýa, içege taýajyklary we başga-da köp sanly zatlar;

- ýokançlar: ýiti respirator wirusly ýokançlar, şol koronawiruslar we beýlekiler;

- dermatitler: garabaş keseli, gijilewük, impetigo — üst iriňli piodermiýa we beýlekiler.

Bularyň ählisi hem örän ýakymsyz, uzak bejergini talap edýän we ençeme kynçylyklary döredip bilýän kesellerdir. Gujaklaşmadyr ogşaşmak barada hem şulary aýtmak bolar.