Olary näme bilen çalşyp bolar?

Hormat görkezmegi başga näme bilen çalşyp bolar? Hakykatda, muny çalşyryp boljak wariantlar diýseň köp:

1. Baş egme.

Gündogar medeniýetlerinde baş egme — hormatyň we asylly meýilleriň alamaty. Ol «galtaşyksyz» we iki adam üçin hem oňaýlydyr. Golaý gelmek hökman däl – bu artykmaçlyklardan doly.

2. Baş atma

Baş egmä golaý. Ol has resmi däl görnüşe ýakyn. Iň esasysy, siziň baş atýan adamyňyzyň muny aňşyrmagy gerek.

3. Eliňi galgatmak

Dostlaryňyza we tanyşlaryňyza eliňi galgatmagy endik etdiňizmi? Wagty geldi! Resmi däl hereket adamlaryň birbada tutuş toparyna salam bermäge mümkinçilik berýär. Ony monarhlar ýaly ýerine ýetirseň, onda resmi dällik bada-bat aradan aýrylar.

4. Tirsekleriň bilen galtaşmak.

Pandemiýanyň netijesinde dünýä liderleri salamlaşmagyň täze trendini öňe sürdüler — tirsekleriň bilen salamlaşmak. Ýeterlik derejede oňaýly — birek-biregiň elleriňi golaýladaýmaly. Ýöne munuň üçin golaý gelmeli bolar we howa-damja ýoly bilen geçýän ýokanç kesel üçin şertli-howpsuz aralyk bozular.

5. Egne kakmak

Ýa-da goşaryň bilen salamlaşmak. Hasaplamaklaryna görä, egin-eşik hem diýseň-diýmeseň goragdyr. Eger-de siz eliňiziň aýasy bilen deriniň ýapyk bölegine galtaşsaňyz keseliň ýokuşmak ähtimallygy ýokary däl.

6. Söz arkaly salamlaşmak

«Salam!», «Gündiziňiz haýyr», «Hoş gördük!» - salamlaşmagyň häli-häzirem ýörgünli usullary.

7. Eliň aýasyny döşüňde birleşdirmek

Salamlaşmagyň gündogara mahsus usullarynyň içinde baş egmä ýakynlarynyň biri hem eliň aýasyny döşüňde birleşdirmek bolup durýar. Bu hereket buddizm rahatlygyny we pähimini beýan edýär.

8. Döşüňde ýumruk düwmek

Günbatar medeniýetinde, aýratyn hem harby ugurlarda welin, salamlaşmak we hormat goýmak nyşany hökmünde ýumrugyňyz döşüňe goýmak däbi ulanylypdyr. Örän mert görünýän hereket we baş atma ýa-da baş egme bilen utgaşyp biler.

Başgalary bilen salamlaşma usulyňyzy Siziň özüňiz kesgitleýärsiňiz. Dürli usullary garyşdyryp ulanyp bolar, ýa bir görnüşi saklap bolar. Iň esasysy, oňaýly bolsa bolýar.