Gözellik barada

Döwük-döwük hem-de etine çenli gädilen dyrnaklar göze gelüwli däl. Ynanaýyň, ýetginjekler muňa aňryýany bilen düşünýär. Emma köplenç olar töweregindäkileriň eline känbir üns bermeýärler.

Ýetginjege öz owadan dyrnaklaryňyzy görkezseňiz, bilelikde oturyp klasdaşlaryňyz bilen düşen suratlaryňyzy synlasaňyz, ondan dostlaryňyzdyr joralaryňyzyň dyrnaklaryna üns bermegini sorasaňyz bolar.

Köplenç ýagdaýlarda görkezip tassyklamaklygyň özi «ynamsyzlygy» aradan aýyrýar, ýetginjek ýaramaz görnüşi göz öňüne getirip, bilkastlaýyn öz-özüni bu hereketden saklaýar.