Gürleşip görüň

Hemme zat gürleşmekden başlanýar. Eger-de ýetginjek çagaňyz dyrnagyny gemirýän bolsa, belki ol dartgynly ýagdaýdadyr we üýşen duýgularyny daşyna çykarmak isleýändir. Munuň sebäpleri — tamasy çykmazlykdan, dartgynlylykdan, ýekelikden, birahatlykdan we tukatlykdan başlap dürli-dürli bolup biler.

Kähalatlar-ha meseläni ýüze çykarmak üçin ýörite bilimli hünärmeniň kömegi zerur bolup biler. Ýöne çagaňyz bilen aragatnaşygy ýola goýmazdan, meselä aňry-ýany bilen baha berip bilmersiňiz.

Eger-de mesele psihologik ugurdan bolman, dyrnak gemirmek ýöne bir ýaramaz endik bolsa, onda çaga birnäçe möhüm zatlary düşündirmeli:

Möhüm! Ýetginjek ýaşda çagalar ulularyň maslahatlaryny o diýen ynandyryjy kabul etmeýärler. Diňe bir söhbet etmek bilen çäklenmän, aýdylanlary hereketler bilen berkitmeli — görelde görkezmeli.