Gün tertibi — ýetginjekler üçin hroniki ýadawlykdan dermandyr

Ulaldygyňça seniň gyzyklanmalaryň çägi, işjeňlik ugurlaryň giňeýär we çagalaryň gün tertibi saňa darlyk edip başlaýar. Naharlanmak kadaly bolmaýar, uka az wagt sarp edilýär, mekdepdäki ýumuşlar bolsa barha artmak bilen bolýar. Bu döwürde nädip sagdyn hem işjeň bolmaly?
Munda size oýlanyşykly işlenilip düzülen gün tertibi kömege geler. Oňa köp zat — seniň şähdiň, saglygyň, sazlaşykly ösüşiň we boý almagyň, fiziki işjeňligiň, okuwyň baglydyr.