Etmeli işleriň ählisini oýlanyp gör

Iş hem dynç alyş wagtlaryny bada-bat hem hiç hili taýýarlyksyz kesgitlejek bolmak peýdasyzdyr. Irden turmak, dişleriňi arassalamak hem-de öý işleri etmekligi belli bir wagta sazlap ýerine ýetirmek başartsa-da, uzak dowam etmez. Netijede sen bu aýylganç gün tertibinden el çekip, ýakymsyz düýş kimin unudarsyň.

Iň gowusy, meşgullanýan zatlaryň ählisini oýlanmaly, bu zatlaryň ählisini «iş-dynç alyş» ulgamy boýunça paýlamaga synanyşmaly. Mekdepde okuwlar tamamlanan badyna  öýe gelip, öý işlerini ýerine ýetirmäge howlukmaly däl.

Mümkinçilik bolsa, deň-duşlaryň ýa-da ene-ataň bilen pyýada gezim et. Mysal üçin, öýüňiz golaý bolsa, mekdepden öýe çenli. Ýa-da jemgyýetçilik ulagyndan peýdalanmaly bolsa, birnäçe duralga ýöräp bolar. Şol geçilen wagtda sen şol gün bolup geçen wakalary dostlaryň bilen gürrüňleşip bilersiň.