Öý işlerini nähili ýerine ýetirmeli?

Her 30 minutdan arakesme almak arkaly üç sagatdan uzak bolmaly däl! Hemmesini birbada etjek bolma. Kitaplardan başyňy galdyrman otursaň, sen tiz ýadarsyň we kelläňe beter agram salarsyň. Netijede bolsa, öý işlerini ýerine ýetirmeklik has hem uzaga çeker.

Öý işlerini aňsat sapaklardan başlamaly we ondan soňra has çylşyrymlylaryna geçmeli. Her 30 minutdan 5-7 minutlyk arakesmeler etmegi ýatdan çykarma. Mysal üçin, uly bolmadyk tans maşklary seni işe ukyplylygyny ýokarlandyrar we ony indiki ýumşy ýerine ýetirmäge ruhlandyrar.

Iň esasy zat — arakesmeler uzaga çekmeli däl ýa-da telewizora seretmeklige ýa-da sosial torlardaky täzeliklere seretmeklige syrygyp gitmeli däl. Ýogsam, öý işleriniň ýerine ýetirilmegi agşama we gijä galar, bu ýagdaýda bolsa, irden ýadawlykdan gaçyp gutulyp bolmaz.