Öý işlerini ýerine ýetirenden soňra — şahsy wagt

Ine, sapaklar ýerine ýetirildi, ýalňyşlar düzedildi, sende (ahyrsoňunda!) şahsy wagt peýda boldy. Sen ony islän zadyna sarp edip bilersiň. Gör, näçä mümkinçilik! Kompýuteriň ýa-da telewizoryň başyna daňylyp oturma. Depdere hatlaryňy ýazyp, oturma kemini goýmadyň.

Iň gowusy, gezelenç etmek. Işjeň gezelenç, deň-duşlary bilen gepleşmek, ata-ene gözegçiliginiň ýoklugy — tükeniksiz mümkinçilikleriň wagty.

Ýa-da bolmasa, sport bilen meşgullanmak bolar. Pikirdeşleriň ýa ene-ataň bilen haýsy hem bolsa bir sport seksiýasyna ýazylmaly (aýratyn hem eger olar bütin gününi işde geçirip, seniň bilen känbir görşüp bilmeýän bolsa).

Möhüm! Ene-ataňy aladalandyrmazlyk üçin, öýe wagtynda dolanyp geljek bol. Gürleşilen wagtda sen dolanyp gelmeseň,  olar hemişe-de aladalanar. Gija galýaňmy? Birnäçe sekundyňy sms ýazmaga sarp edäý.