Sport hakynda:

Ýetginjeklik döwründe fiziki işjeňlik örän möhümdir. Hut şu döwürde seniň bedeniňde ýürek-damar ulgamy we daýanç-hereket apparaty gutarnykly emele gelýär, türgenleşýär we taplanýar.

Ýöne 20 ýaşdan ep-esli ýokardakylaryň sport rekordlaryny gaýtalajak bolma. Ululara garanyňda, seniň bedeniň heniz az çydamlylygyny we uzak dowamly türgenleşiklere ýaramaýanlygyny ýatdan çykarmaly däldir.

Sportuň umumy berkidiji görnüşlerine has köp üns beriň — suwda ýüzmek, ylgamak, göreş, welosipedde gezelenç etmek. Bu sport görnüşleri ösýän bedene oňaýly täsir edýär. Bu görnüşleriň düýpli artykmaçlyklarynyň ýene-de biri, suwda ýüzmek, ylgamak, göreş ýa-da welosiped bilen islendik ýaşda — 7 ýaşda hem, 17 ýaşda hem meşgullanyp başlap bolar.

Eger-de seni sportuň başga bir görnüşi gyzyklandyrýan bolsa, onda tälimçiniň gözegçiligi astynda uly bolmadyk türgenleşiklerden başlaň.

Möhüm! Täze başlan türgenleriň ähli türgenleşikleri tejribeli tälimçiniň göz astynda geçmeli. Ösüp barýan ýetginjek organizme düşýän agram çäkli bolmalydyr. Meşhur türgenleriň meşgullanýan sport görnüşleriniň ählisi saňa laýyk gelenok. Ol görnüşlere soňlugy bilen, has uly ýaşda bedeniňi  berkidip, taplanyňdan soň geçip bolar.