Uklamaga taýýarlyk görmek wagty

Günüň ahyrynda bedene güýjüni dikeltmek gerek. Saňa ukyňy almagyň we irden özüňi täze başdangeçirmelere taýýar duýmagyň üçin ortaça 8-9 sagat kadaly uky gerek. Şonuň üçin hem sen 22:30-dan giç ýatmaly däl.

Bu bir ýönekeý matematiki amal — mekdepde sapaklar 8:30-da başlaýar, diýmek, ýuwunmak, ertirlik edinmek we irdenki ýol dykynlaryndan geçip mekdebe barmak üçin 7:00-7:30-da oýanmaly. Eger-de sapaklar has ir başlanýan bolsa, onda oýanmaly wagt hem öňe süýşýär.

Elbetde, 22:30-da ýatmaga geçmek, o diýen ýakymly eşidilmän biler. Goý, lukmanlar çuň uky hem nerw ulgamyň dikelmegi üçin iň oňat wagt 22:00-dan 2:00 diýseler diýibersinler.Telewizordan seniň gowy görýän filmleriň ýaňy başlady, körpeler ýaňy uklady, dostlaryňyz agşamky şäherde surata düşmäge häzirlenýärler.

Diňe bir kadaly iýmitlenmegi däl, eýsem, dogry uklamagy hem endik edin. Nähilidir bir «uklamak» boýunça däp oýlap tap. Bir bulgur kefir iç, kitap oka, seniň bilen şol gün näme bolup geçendigi hakynda joraň bilen gürleş, ejeň ýa kakaň bilen bile wakalary düzüň. Bu zatlaryň her gün ýerine ýetir. Eýýäm iki hepdeden görersiň, sagat 22:20 — sen bolsa, eliň bir bulgur kefirli pallap durarsyň. Endik — aýylganç güýç!

Ukudan öň duşa girip çyk, otagy ýelejiret, ýataňda geýilýän jana rahat geýimleri geý. Telewizory öçür, smartfonyňy aýyr.

Ertir täze gün başlanýar, ukyňy alyp bilmän, ony sypdyrmaly däl. Gijäň rahat bolsun!