3-nji maslahat: Gepleşikden näme netije almak isleýändigiňizi anyk biliň.

Ene-ataňyza gürrüň bermekçi bolýan nähili-de bolsa şum (erbet) habaryňyz barmy? Ýa-da size näme-de bolsa bir zat üçin olaryň rugsady gerekmi? Ýa-da siz olaryň hiç hili maslahatdyr teklip bermezden diňe diňläp oturanlaryny isleýärsiňizmi? Gürrüňdeşlikden näme netije aljak bolsaňyz bu barada  öňünden ýazmaça bellik edip görüň. Şeýle etmek bilen siz öz pikirleriňizi jemläp, ene-ataňyza aýtmakçy bolýan zadyňyzy aýtmagy başararsyňyz.