5-nji maslahat: Aýtjak sözleriňizi, delilleriňizi huşgärlik bilen ulanyň.

Soňy dawa-jenjele alyp barmadyk ýagdaýynda gürrüňdeşlik gowy gidýär. Eger-de ahyrynda çykgynsyz ýagdaýa ýa-da dawa alyp barýan bolsa, onda siz we siziň ene-ataňyz özlerini “urşuň tutaşmagynyň öňüsyrasyndaky aljyraňly ýagdaýda” duýarlar. Eger siz ýagdaýlaryň aglaba köpüsinde olaryň rugsat berýän çäklerinden çykmasaňyz, olaryň goýýan talaplarynyň çäginde hereket edýän bolsaňyz, onda biraz gijräk gelmegiňize ýa-da, mysal üçin, täze bir zat bilen meşgullanmagyňyza rugsat bermeklerini haýyş etseňiz, elbetde, bu ýagdaýda olaryň rugsadyny almaga has köp mümkinçiligiňiz bolar.