8-nji maslahat: Özüňiziň ynam bildirýän başga bir uly adamlaryňyzy tapyň.

Ene-ataňyz bilen gürleşmek asla mümkin bolmaýan ýagdaýlar hem bolýar. Belki-de öz aladalarynyň ýetik bolandygy sebäpli ejeňiziň sizi diňläsi gelmeýär. Ýa bolmasa, kakaňyz sizi diňlemäge asla taýýar däl. Ene-ataňyzdan biri belki-de siziň ýanyňyzda hem däldir. Şeýle bolanda, elbetde, siziň ululardan ynam bildirýän başga bir adamyňyz bar bolsa, şony tapmaly. Mysal üçin, gowy görýän daýzaňyzy, mugallymaňyzy ýa-da maslahatçyňyzy. Gürleşmek zerurlygy ýüze çykanda, ýüz tutup bolaýjak ynamdar bir uly adamyň bolmagy uly ähmiýete eýedir.