Gyzlar üçin goranyş usullary: çaga galdyrmaýan dermanlar hakynda

Islenilmedik göwrelilikden goranmagyň beýleki bir usuly — gerdejik görnüşinde gormonal çaga galmagyna garşy derman serişdelerdir. Olar ýetginjek ýaşda elmydama kadaly bolup durmadyk menstruasiýa döwrüni kadalaşdyrýar, deriniň ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam edýär we şonuň üçin hem olary bejergi almak maksady bilen ulanyp bolýar.

Ýöne bu dermanlary ulanmazdan öňinçä, lukman bilen maslahatlaşmak zerurdyr (JORALARYŇ ÝA-DA EJEŇIZ BILEN DÄL). Lukman dermanlaryň aglaba köplüginden saglygyň, ösüşiň we neslegeçijiligiň aýratynlyklaryny nazara alyp anyk derman ýazyp berer.

Ýatda saklaň, haýsy hem bolsa bir gyza dogry gelýän derman, beýleki biri üçin peýdasyz, hatda zyýanly hem bolup biler. Ginekologyň maslahaty bolmazdan, bu ýerde belli bir karara gelip bolmaz. Utanyp durmagyň geregi ýok, lukman üçin bu adaty bir iş.

Ýöne ýatdan çykarmaň, jyns ýollary bilen geçýän kesellerden derman gerdejikleri gorap bilýän däldir.