Irki jyns gatnaşyklaryna başlamagyň näme howpy bar?

Jyns gatnaşyklaryna 18 ýaşa çenli döwürde başlamak psihologiýada we seksopatologiýada dewiant hereket — ýagny, kadaly hereket hasaplanylmaýar.

Lukmanlarynyň tassyklamagyna görä, jyns gatnaşyklaryna ir wagtda başlamaklyk adamyň ösüşini çaltlandyrman, tersine, köplenç halatda olaryň uly ýaşly durmuşynda hem ýaramaz täsirini ýetirip biler:

1. Ýetginjekleriň utanýanlygy (gorkýanlygy) we kesel alamatlaryny gizläp, zerur bolan lukmançylyk gözegçiligini we bejergini almaýanlygy zerarly hroniki häsiýete eýe bolýan jyns ýokanç keselleri.

2. Jyns gatnaşyklarynyň adamyň beýleki ulgamlarynyň energiýasyny alýanlygy zerarly bedeniň ösüşiniň haýallamagy we bozulmagy.

3. Bu ýaşda ýaňy ösüş ýoluna düşen nesil öndürijilik ulgamynyň gormonal kadalaşmasynyň bozulmagy.

4. Ýene-de şol sebäpli, mekdepde ýetişigiň we umumy bilesigelijiligiň peselmegi.

5. Birinji ýoldaşyňdan göwnüň galandan soňra, gapma-garşy jynsyň wekilleri bilen özara düşünişmekde meseleleriň ýüze çykmagy, kähalatlarda bolsa, maşgala döredip bilmezlige çenli baryp ýetýär.

6. Islenilmedik göwrelilik. Çagany aýyrtmak ýa-da çaga dünýä indermek aýallaryň bedeni üçin güýçli sarsgy bolup durýar, ýetginjek gyz üçin bolsa bu aýratyn hem şeýledir.

7. Ýetginjek ýaşda çagany aýyrtmagyň, göwreliligiň we çaga dogrumynyň netijesinde ginekologiýa keselleri.

8. Irki enelik bilen bagly kynlyk bilen çözülýän durmuş we ahlak-etiki meseleler.