Kalendar usuly hakynda

Gyzlar üçin goranmagyň iň amatly usullarynyň biri hökmünde hünärmenler çaga galmagynyň öňüni alýan tebigy, kalendar usulyny belleýärler. Ol göwreli bolmak mümkinçiliginiň iň pes bolan wagtyny kesgitleýär. Bu usuly ulanmak üçin gyzlara islenilmedik göwreliligiň ýüze çykmagy üçin «howply» günleriň tertibini düzüp, öz organizmini oňat öwrenmek ýeterlikdir.

Munuň üçin hem iň gowusy ginekologa ýüz tutmaly. Ol şahsy kalendaryňy düzmäge, owulýasiýa günlerini hasaplamaga we ş.m. kömek eder. Ýöne bu usul ähli usullaryň içinde iň ygtybarsyzydyr.