Kontrosepsiýa (gorag) hakynda nämeler bilmeli?

Ýetginjegiň «tema» beletdigine — jyns gatnaşyklaryny alyp barmagyň kadalaryndan we düzgünlerinden habarlydygyna garamazdan, möwç alýan gormonlar onuň erkinden üstün çykyp biler. Bu ýagdaýda nesil öndürijilik saglygyny goramaga ýardam edýän häzirki zaman kontrosepsiýanyň kömegi bilen ýokanç kesellerden, irki göwrelilikden we beýleki garaşylmadyk ýagdaýlardan talabalaýyk goragyň boljakdygyna umyt edäýmek galýar.

Ýetginjeklerde kontrosepsiýanyň esasy wezipeleri şulardan ybarat:

  • Irki göwreliligiň we çagany aýyrtmagyň öňüni almak;
  • Jyns gatnaşyklary arkaly geçýän ýokanç keselleriň we infeksiýalaryň öňüni almak.