Nädip beýle bolýar?

Ýetginjekleri jyns gatnaşyklaryna başlamaga adatça gormonlar däl-de, sosium (jemgyýet) — maglumat gurşawy, deň-duşlary bilen aragatnaşyk etmeklik iterýär. Ýetginjekler heniz gatnaşyk etmäge ýaşy ýetmänkä, daş töwereginiň gözünde uly we işjeň görnesleri gelýär.

Gyzlar, ilkinji nobatda, romantikanyň bolmagyny, alada edilmegini isleýär. Oglanlar üçin welin, tersine, şol prosesiň özi gerek. Islän zatlaryny alanlaryndan soň bolsa, olar indiki ýoldaşyna geçýär. Şonuň üçin hem bu ýaşda islegler deň gelmän biler.

Lukmanlaryň we psihologlaryň pikirine görä, adam diňe 18-19 ýaşlarynda jyns gatnaşyklary üçin doly ösüp ýetişýär.