Ýetginjeklere nähili gorag usullary laýyk gelýär?

  1. Göwreliligiň öňüni almak we infeksiýalardan (wirusly gepatit, AIW/AIDS, gonoreýa, sifilis, mikoplazmoz, hlamidioz, trihomoniaz, gardnerellez, papillomawirusly infeksiýa, gerpes, sitomegalowirusly infeksiýa we beýlekiler) goranmak nukdaýnazaryndan netijeli usullar;
  2. Saglyk üçin howpsuz usullar;
  3. Ulanmak üçin ýönekeý bolan usullar;
  4. Elýeterli usullar.

Bu nämäni aňladýar? Bu diýildigi, şular ýaly ýagdaýlarda iň ýerine düşen serişdäniň kontrosepsiýanyň barýer usulydygyny — prezerwatiwden peýdalanmakdygyny aňladýar. Islenilmedik göwrelilikden goramakdan başga-da, prezerwatiw jyns gatnaşyklary arkaly geçip bilýän birnäçe düýpli kesellerden goragy üpjün edýär we islendik dermanhanalarda elýeterlidir.

Jyns gatnaşyklarynyň howpsuzlygy meselesi iki tarapy — oglanlary hem, gyzlary hem gyzyklandyrmalydyr.