Ýetginjekleriň jyns gatnaşyklarynyň aýratynlyklary?

Ýetginjekleriň arasyndaky jyns gatnaşyklary kontrosepsiýanyň usulyny kesgitleýän birnäçe tapawutly aýratynlyklara eýedir:

  1. Gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýete eýe bolmazlygy, tükeniksiz gözleg — bu kontrosepsiýanyň meýilnamalaýyn usullarynyň seýrek ulanylmagynyň sebäbi bolup durýar (çaga galmagyna garşy dermanlaryň we inýeksiýalaryň yzygiderli kabul edilmegi);
  2. Ýeterlik tanyş bolmadyk adamlaryň bilen gatnaşyk. Jyns ýoldaşlary birek-biregi seýrek ýagdaýda oňat tanaýarlar; köplenç ýagdaýda jyns gatnaşyklary ýeterlik derejede tanyş bolmadyk ýoldaşlaryň arasynda bolup geçýär; şol bir ýetginjegiň birnäçe jyns ýoldaşlary bolup biler. Bu bolsa jyns gatnaşyklary arkaly geçýän keseller bilen kesellemek howpuny artdyrýar;
  3. Habarsyzlygy ýa-da utanjaňlygy sebäpli ýetginjekler göwrelilikden goranyş usullaryndan peýdalanmaýarlar. Bu bolsa heniz organizmi ýeterlik ösüp ýetişmedik we göwresinde çaga ulaltmaga taýýar bolmadyk gyzlarda irki göwrelilik howpuny artdyrýar. Ir ýaşda çagany aýyrtmak bolsa nesil öndürijiligine we umumy saglyga agyr täsir edip biler.