Ukynyň gös-göni öň ýanyndan:
- Özüňiz üçin uklamak boýunça özboluşlyja däp oýlap tapyň we ony bir hepdäniň dowamynda her gün gaýtalaň. Adam bedeni belli bir hereketlerden soňra ýorganyň hem-de ýassygyň garaşýandygyna öwrenişýär. Mundan soňra uklamak has ýeňil bolar.
- Uklamazdan öň, rahatlanmak üçin ýylyjak suwa düşüň.
- Ukudan öň gert-gäbe doýmaň. Ýagly, gowrulan, agyr tagamlar, şeýle hem kofe we çaý — bular ukynyň duşmanlarydyr.
- Açlyk — bu hem ukynyň ýarany däl. Açlyk duýgusyny uklamazdan öň ýagsyz kefir içip, miweli ýa-da gök-önümli işdäaçar iýip aýryp bolar.
- Ukudan öň otagyň içini ýelejiretmeli. Aşhana gidip kefir içip gelýänçäňiz, 10 minut ýeterlik bolar.
- Smartfonuňyzy, planşeti, noutbugy bir gyra aýryň. Telewizordan daşlaşyň. Bu enjamlaryň saçýan mawy ýagtylygy ukyny bölýär. Söýgüli tok-şou gepleşigiňiziň nobatdaky seriýasyny, nobatdaky atyryň mahabatyny ýa-da müsür siwilizasiýasynyň döremegi baradaky gyzykly makalany ertir hem görüp boljakdygyny ýatdan çykarmaň.
- Pikirleriňiziň ählisini öz erkine goýberiň. Goý, siziň kelläňizde rahatlyk höküm sürsün. Ukudan öň, iň gowusy hiç zat barada pikir ýöretmeli däl.