Men koronawirus bilen kesellemekden gorkýaryn

Bu günki gün dünýäniň habar beriş serişdeleri COVID-19 barada şeýle bir kän zat aýtdylar welin, adamlaryň maglumat ýüki ýetik boldy, hatda ol maglumatlaryň biri-birine çapraz gelýänleri-de bar. Ýüzlerçe ownuk-iri alamatlar, kesellemek üçin millionlarça sebäp, pandemiýanyň ikinji tolkuny — şular ýaly habarlar hakykatdan hem howsala düşürýär. Köpler özünde bir ýa-da birnäçe alamaty ýüze çykaryp, hakyky basga-baslyga düşýär.

Näme etmeli?

Koronawirus alamatlaryny dowla düşmeklikden nädip tapawutlandyrmaly?

Dowla düşmeklik — gysga wagtda (kähalatlarda birnäçe sekund  ýeterlik) örňäp gidýän hem-de dürli görnüşli fiziki täsirleri bolan: ýürek urgynyň çaltlanmagy, demgysma, baş aýlanma, gowşaklyk, der inmek, ýürek bulanma,  üşütme, döşde agyry, barmaklaryňda sünjülme duýgusy, el-aýaklaryň ysmazlygy we beýleki ýüze çykmalary bolan gorky hadysasydyr. Köplenç halatda bu ýagdaý 5-den 20 minuda çenli, kähalatda bolsa bir sagada çenli hem dowam edip bilýär. Tamamlanandan soň, onuň alamatlary diňe ýakymsyz ýatlamalary galdyryp, geçip gidýär.

Dowla düşmeklige 20-30 ýaşdaky ýaş adamlar has ýakyndyr, şeýle hem erkeklere garanda, zenanlar has köp dowla düşýär.

Koronawirus ýokanjy bilen kesellän ýagdaýyňda ýörgünli alamatlara temperaturanyň ýokarlanmagy, gury üsgülewük, demgysma, gowşaklyk degişlidir. Emma bu alamatlar bir sagatdan geçip gitmeýär, gaýtam, tersine güýçlenýär. 60 ýaşdan ýokardaky garrylar, şeýle hem hroniki kesellerden ejir çekýänler howp toparyna degişlidir.

Dowla düşmeklikden nädip saklanmaly?

Koronawirusy nädip saklamalydygyny biz bilýäris — HÖKMANY SURATDA lukmana ýüz tutmaly, hemmelerden çetleşmeli we maslahatlary berjaý etmeli.

Howsalaly habarlar azalmaýan bolsa, dowla düşmekligi nädip saklamaly?

Möhüm! Dowla düşmeklik — bu psihiki KESEL DÄLDIR. Bu ýagdaý psihiki taýdan sagdyn adamlarda dartgynlylyk wagtynda, tükeniksiz göwnüçökgünlikde, mümkin bolan emosional gynançlarda duş gelýär.

Eger-de siz bardy-geldi düşnüksiz gorky, döşde agyry we ýürek urgyňyzyň güýçlenmegini duýan bolsaňyz, şulary synanyşyň:

  • Dem alşy kadalaşdyrmagy

Gorkan wagtymyz gan kisloroddan dolýar we gaz deňagramlylygynyň bozulmagy öýkeniň giperwentilýasiýasyna getirýär. Howa diýseň köp bolsa-da, ol ýetmeýän ýaly duýgy bolýar — kislorodyň mukdary 40-50% artyp bilýär. Gelýän kislorodyň mukdaryny azaltmaga synanyşmaly. Iň ýönekeý usuly — eliň aýalaryny birleşdirip agzyňa we burnuňa ýetirmeli. Ýagdaýyň kadalaşýança, şoňa dem almaly.

  • Duýgy synalaryňy çalyşmaly

Dowla düşülende beýni içerden duýduryş alýar — adamyň hususy gorkusy bu hadysanyň üstüni ýetirýär. Şu pursatda ony daşky gyjyndyryja çalşyp bolar: eger-de howsala artýan bolsa, öz-özüňizi çümmükläň ýa-da ýeňiljek bir ys ysgaň, mysal üçin, müşk. Sowuk suwa ýüzüňi ýuwmaklyk hem kömek edýär.

  • Daşky dünýäde ünsüňi jemlemeli

Duýgy synalaryňa daýançdan başga-da, beýniňi daşardan gelýän maglumaty gaýtadan işlemeklige ünsi sowmaga mejbur edip bolar. Mysal üçin, ýönekeý hasap kömek eder — köçede näçe agaç bar, näçe basgançak bar, duralga çenli näçe ädim. Köçeleriň, dükanlaryň, diwarlyklaryň adyny okap bolar.

  • Bedeniňe dolandyryşy dikeltmeli

Dowla düşülende aň edilmeýän gaýtalanýan hereketler (aýaklaryňy çaýkamaklyk, barmaklaryňy stola kakmak we beýlekiler) peýda bolýar ýa-da tersine, doňup galýarsyň. Bu doňup galmaklyk bedene gorky ýagdaýyndan çykmaga, köşeşmäge ýol bermeýär. Şonuň üçin hem bedeniňe dolandyryşy dikeltmek zerur. Gorkyňa garamazdan, ýüzüň, elleriň ýa-da aýaklaryň myşsalarynda ünsi jemlemeli, olary gowşadyp, dowul ýagdaýyny aýyrýan emaý hereketleri etmeli. Mysal üçin, ýylgyrmaly, saçyňy sypalamaly, aýaklaryň ujuna galmaly we dabanyňa düşmeli.

Eger-de dowla başga biri düşen bolsa näme?

Eger-de ýakyn adamlaryňyzdan biri dowla düşen bolsa, onda şulary etmeli:

  • Onuň ünsüni özüňde eglemeli — onuň ellerinden tutup, gözlerine bakyň, gürleşiň.
  • Ynamly ýumşak äheňde gürleşiň. Gürrüň asuda äheňde anyk bolmaly. Adamdan näme üçin gorkýandygyny soramak gerek däl, çünki onuň özi dowla düşmeginiň sebäbini bilmän biler. Iň möhüm zat, häzirki ýagdaýynda onuň janyna hiç zadyň howp salmaýandygyny hem-de bu ýagdaýyň tiz wagtdan geçip gitjekdigini aýtmaly.
  • Dem alşy kadalaşdyrmaga ýardam etmeli. Eger-de adamyň özi dogry dem alyşda ünsüni jemläp bilmese, oňa kömek ediň: eliniň aýasyny agzyna tutup, aram çuň dem alyş we dem goýberiş etmegi maslahat beriň.

Möhüm! Adamy beter howsala düşürmeli däl, näsaga seredeniň ýaly onuň töwereginde özüň howsala düşüp, hars urmaly däl. Adama özüne gelmäge maý beriň, sabyrly bolup, howsaladan onuň ünsüni sowuň. Bu işler üçin 20 minutdan köp wagt sarp etmeli bolmagyň mümkindigine taýýar boluň.

Dowla düşmek ýagdaýyny bejermek

Bir dowul ýagdaýyny başdan geçirip, adam olardan hem gorkup başlaýar. Üstesine, adaty gorky ýagdaýlarynda we nerw dartgynlylygynda ol dowul ýagdaýyny has hem ýaramazlaşdyrýar.

Şonuň üçin hem dowla düşmek ýagdaýynyň psihiki bozulma DÄLDIGINE garamazdan, soňlugy bilen bu ýagdaýlaryň öňüni almak we howsalany bejermek üçin psihoterapewt hünärmenine ýüz tutmaly. Ol bu hadysalaryň sebäbini anyklap biler. Hatda öz-özüňe düşündirip bolmaýan sebäbi hem anyklap, zerur bolanda lukmançylyk bejergisini belläp biler.

Dowla düşmek ýagdaýynyň öňüni almak

Tutuş dünýäni howpsuz hem asuda etmek başartmasa-da başartmaz. Emma daşky dünýäniň basyşyny ýeňil başdan geçirmek üçin özümizi asuda saklap bileris:

  • 8 sagatdan az ýatmaly däl. Ukynyň ýeterlik bolmazlygy köplenç halatda dowla düşmek mümkinçiligini artdyrýan sebäpleriň biri bolup durýar.
  • Durmuşyňy položitel duýgular bilen doldurmaly. Kähalatlarda göwnüňe diňe ýaramaz zatlar bolup geçýän ýaly. Ýakymly pursatlara üns berip, özüň şeýle pursatlary döretmeli: yzygiderli dynç almaly, gezelenç etmeli, saparlara gitmeli, dostlaryň bilen duşuşmaly. Bu ýagdaýlar geljekde mümkin bolan dowla düşmek ýagdaýyny azaltmaga ýardam eder.
  • Dogry dem almagy öwrenmek. Dowul ýagdaýynda öýkeniň giperwentilýasiýasyndan baş alyp çykmak üçin dem alyş maşklaryny özleşdirmeli.
  • Özüň üçin ýakymly bir sport saýlamaly. Ýoga, suwda ýüzmek, ylgamak, tans, pilates — myşsalaryň dartgynlylygyny aýyrmaga ýardam edip, siziň emosional ýagdaýyňyza ýakymly täsir edip biljek islendik sport.

NETIJE

COVID-19 pandemiýasynyň ösmegi bilen jemgyýetlerde bar bolan howsalanyň derejesi düýpli ýokarlandy. Hemmeler kesellemäge we täze görnüşli keseliň agyr täsirlerini başdan geçirmäge gorkýar. Munuň özi eýýäm häzirden göwnüçökgünlik ýagdaýlarynyň, dowla düşmekligiň, psihosomatik keselleri we beýlekileriň sanynyň artmagyna getirýär.

Emma bu ýagdaýlara garşy göreşip bolýar. Hökmany ýagdaýda göreşmeli. Arassaçylyk kadalarynyň ählisini berjaý etmek we özüň barada alada etmeklik sizi koronawirus bilen kesellemekden goramak bilen (ýa-da lukmanyň gözegçiligi astynda ony ýeňil geçirmek) çäklenmän, eýsem, dowla düşmekden we onuň ýaramaz netijelerinden goranmaga kömek eder.