Näme üçin biz dyrnagymyzy gemirýäris? Zyýanly endigiň çeşmeleri

Bu endikden doly saplanmak we dyrnak gemirmäni bes etmek üçin ilki biz bu  hereketi näme üçin edip başlaýandygymyzy anyklamaly. Çünki dyrnak gemirmeklik – bu buz dagynyň çür depejigi, ýagny diňe görünýän bölegi. Emma bu mesele bilen içinden göreşmeli.

Dyrnagyňy (şeýle hem barmaklaryň syzylaryny) gemirmek endiginiň aýratyn häsiýete eýedigine düşünmeli. Ol gönüden-göni adamyň psihologik ýagdaýy hem-de adamyň kadaly öz-özüni alyp barşynyň bozulmagynyň netijesi bolup durýar.

Dyrnagyňy gemirmeklik — bu özüň akyl ýetirmezden edilýän endik, biziň erkimizden we aňymyzdan daşary bolup geçýän hereket. Ony näme döredýär?

  1. GEÇIŞ
  2. Nerw dartgynlylygy we stress
  3. Çagalyk wagtynda aşa işjeňlik (giperaktiwlik)
  4. Göz öňünde ýaramaz görelde
  5. Bu endige garşy nädip göreşmeli