40-49 ýaş aralygy: Saglyk üçin maslahatlar, ýagny Reproduktiw saglyk otaglaryna haýsy meseleler bilen ýuzlenmeli?
Perimenopauza diýmek näme?
Perimenopauza ýa-da menopauza geçişi, aýalyň aýbaşy siklindäki üýtgeşmelerden we menopauzanyň başga alamatlaryndan başlanýar. Menopauzanyň geçiş döwri 6
ýyla çenli dowam edip biler we käbir aýallarda ondan hem köp dowam edip biler.
Alamatlary:
- Essiň aýylmagy
- Döşünde agyryly duýgular
- Jyns gatnaşygyna höwesiň peselmegi
- Ýadawlyk
- Aýbaşylary yzygiderli däl
- Jynshanasynyň guraklygy
- Peşewini saklap bilmezlik
- Keýpiniň üýtgemegi
- Ukusynyň bozulmasy
Lukman bilen gürleşiň, eger...
Sizde menopauzanyň alamatlary başlanan bolsa. Bu döwüriň geçişini ýeňilleşdirmek üçin ginekolog bilen gürleşiň.