Her bir zenanyň we jübütiň şu aşakdakylar barada bilmäge hukugy bardyr:
• Dogrumlaryň arasyndaky aralyk azyndan 2-1,5 ýyl bolmaly; bu zenana, gelejekki dogrumlar üçin özüniň güýjüni dikeltmäge, özüniň saglygyny we gelejekkei çagalarynyň saglygyny saklamaga mümkinçilik berer.
• Çaga aýyrtmak maşgalany meýilleşdirmegiň usulýeti däldir, we kontrasepsiýanyň häzirki zaman usulýetlerini ulanyp, çaga aýyrtmakdan saklanyp bolýar. Şeýle hem çaga aýyrtmagyň we ikilenji önelgesizligiň arasynda özara baglanyşyk bolýar.
• Kontrasepsiýanyň ol ýa-da başga usulýetini ulanmak barada çözgüdi, siz hemme kontraseptiw serişdeleri barada bileniňizden we hünärmen bilen maslahatlaşanyňyzdan soňra kabul etseňiz gowy bolar.
• Jyns ýoly bilen geçýän ýokançlar, köplenç ýagdaýda erkeklerde we aýlallarda önelgesizlige sebäp bolýar. Prezerwatiw ulansaňyz, Size ýokançlaryň ýokuuşmagyndan goranmaga kömek berer we şol bir wagtyň özünde Sizi islenilmeýän göwrelilikden gorar.