REPRODUKTIW SAGLYGYNA HUKUKLAR, bu adamyň aýrylmaz hukugydyr

REPRODUKTIW SAGLYGYNA HUKUKLAR, bu adamyň aýrylmaz hukugydyr – näçe çaga etmegi, nähili ýygylykda we haçan etmegi özüniň meýletin çözmegi üçin hukugydyr. Şeýle hem bu hukuga eýelik etmek üçin saglygy goraýyşyň gowy hilli maglumatlary we berilýän hyzmatlary bilmeli – özüniň maşgalasyny meýilleşdirmek üçin we öz saglygy babatda sowatly çözgütleri kabul etmek üçin bilmeli.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň kesgitlemesine laýyklykda “maşgalany meýilleşdirmek” öz içine, birnäçe wezipeleriň çözülmegine gönükdirilýän çäreleriň toplumyny alýar:
• islenilmeýän göwrelilikden saklanmak;
• diňe islenilýän çagaly bolmak;
• göwrelilikleriň arasyndaky aralyklary sazlamak;
• çaganyň dogulmaly wagtyny ene-atasynyň ýaşyna baglylykda saýlamak;
• maşgaladaky boljak çagalaryň sanyny anyklamak.

Jübütler islenilmeýän göwrelilikden goranmagyň temasyny açaçanlykda ara alyp maslahatlaşmalydyrlar we özüňiz üçin çaga galmagyndan goranmak üçin gabat gelýän usuly dogry saýlamak üçin reproduktiw saglyk merkezinde we otagynda işleýän lukmana ýüz tutmalydyrlar.