Saglyk barlaglaryndan geçmek zerurdyr - haýsy ýaşda we haýsylardan geçmeli
Islendik ýaşda öz saglygyň barada bilmek wajypdyr! Ömrüňiziň dürli tapgyrlarynda yzygiderli barlaglardan geçmegiňiz zerurdyr!
Lukmançylyk barlaglaryndan yzygiderli geçmek, keselleriň olary bejermek ähtimallygynyň ýokary derejesinden öň ýüze çykarylmagyna kömek berer. Öňüni alyş saglyk barlaglaryndan geçseňiz, siziň ömür dowamlylygyňyz artar we has sagdyn ýaşamagyňyza kömek eder.
Siziň ýaşyňyz, saglyk ýagdaýyňyz we maşgaladaky taryhyňyz, siziň alyp barýan durmuş ýörelgäňiz (ýagny iýmitlenişiňiz, fiziki işjeňligiňiz we endikleriňiz), şeýle hem başga wajyp görkezijiler, siziň haýsy barlaglardan, nähili ýygylykda geçmelidigiňize täsirini ýetirýär.