Nähili sanjymlaryň bardygyny bilýärsiňizmi?

Bu günki gün sanjymlaryň birnäçe dürli görnüşleri bar. Sanjymlaryň her görnüşi biziň immun ulgamymyzy mikroblaryň kesgitli bir görnüşi we olaryň döredýän çylşyrymly keselleri bilen göreşmäge öwretmäge niýetlenendir.

Alymlar sanjymlary döredenlerinde şulary nazara alýarlar:

  1. Siziň immun ulgamyňyzyň mikroba nähili täsir edýär
  2. Mikroba garşy kime sanjym etmeli
  3. Sanjymy döretmäge iň gowy tehnologiýa we çemeleşme

Bu şertlere esaslanyp, alymlar sanjymyň haýsy görnüşini döretmeligini çözýärler.

Sanjymyň esasy 4 görnüşi

  1. Janly gowşadylan sanjymlar
  2. Işjeňligi ýatyrylan sanjymlar
  3. Subbirlik, rekombinant, polisaharid we konýugat sanjymlar
  4. Kolloid sanjymlary

Her görnüşiň öz aýratynlyklary bar:

  • Janly gowşadylan sanjymlar

Janly sanjymlarda keseli döredýän mikrobyň gowşadylan formasy peýdalanylýar.

Bu sanjymlar öňüni almaga ýardam edýän tebigy inýeksiýa aşa meňzeşligi sebäpli, olar güýçli we uzak wagtlaýyn immun jogabyny döredýärler. Janly sanjymlaryň bir ýa-da iki dozasy mikroblardan we olaryň döredýän keselinden goragy üpjün edip bilýär.

Emma janly sanjymlar hem käbir çäklendirmelere eýedir. Düzüminde gowşadylan janly wirusy saklaýanlygy sebäpli, olary ulanmazdan ozal bejergi alýan lukmanyňyz bilen maslahatlaşmak hökmanydyr. Gowşak immun ulgamly, saglygy bilen bagly uzak wagtlap meseleli bolan adamlar ýa-da içki agzalarynyň oturdylmasyny başdan geçiren adamlar bu hili sanjym almaga laýyk bolman biler.

Janly sanjymlar — gyzamyga, epidemiki parotita, gyzylja (MMR utgaşdyrylan sanjym), rotawirus we garamyk, sary getirme kesellerine garşy sanjymlardyr.

  • Işjeňligi ýatyrylan sanjymlar

Işjeňligi ýatyrylan sanjymlarda keseli döredýän mikrobyň öldürilen görnüşi peýdalanylýar.

Işjeňligi ýatyrylan sanjymlar adatça edil janly sanjymlar ýaly güýçli immuniteti üpjün edip bilmeýärler. Şonuň üçin hem kesele garşy hemişelik immunitet edinmek üçin ömrüň tutuş dowamynda birnäçe gezek sanjymlar edilýär.

Işjeňligi ýatyrylan sanjymlar gepatit A-dan, dümewden (sanjym), poliomielit (damja), guduzlamadan goranmak üçin sanjylýar.

  • Subbirlik, rekombinant, polisaharid we konýugat sanjymlar

Subbirlik, rekombinant, polisaharid we konýugat sanjymlarda mikrobyň belli bir bölekleri peýdalanylýar. Mysal üçin, onuň belogy, süýjüligi we ş.m.

Bu sanjymlarda mikrobyň kesgitli bölekleri peýdalanylýandygy sebäpli, olar mikrobyň esasy ýerine gönükdirilen örän güýçli immun jogaby berip bilýärler. Bu hili sanjymlar hemmelere diýen ýaly, şol sanda gowşak immun ulgamly we saglygy bilen bagly hroniki meseleli adamlara hem laýyk geler.

Bu hili sanjymlaryň çäklendirmeleriniň biri hem kesellerden hemişelik gorag almak üçin bize goşmaça sanjymlaryň gerek bolup biljekdigidir.

Bu hili sanjymlar Hib keselinden, B gepatitden, adam papilloma wirusyndan, gökbogmadan, pnewmokok we meningokok keselinden hem-de demrewden gorap bilýär.

  • Anatoksinler

Bu hili sanjymlarda keseli döredýän bakteriýalar tarapyndan işlenip taýýarlanylýan toksinler peýdalanylýar. Olar keseli döredijiniň özüniň däl-de, keseli döredijiniň işiniň netijesine garşy immun ulgamyny döredýär. Bu diýildigi, immun jogap tutuş bakteriýa däl-de, toksine gönükdirilen diýmegi aňladýar.

Sanjymlaryň käbir beýleki görnüşleri üçin bolşy ýaly, kesellerde hemişelik gorag almak üçin bize anatoksiniň gaýtadan edilmegi gerek bolup biler.

Anatoksinler difteriýadan (täjihoraz) we bürmek keselinden goranmak üçin ulanylýar.

Geljekde bize nähili sanjymlar garaşýar?

Alymlaryň heniz hem sanjymlaryň täze görnüşlerini döretmegiň üstünde işleýändigini bilýärsiňizmi? Şolaryň içinde — ulanmak üçin ýönekeý we amatly bahadan DNK ýa-da gen sanjymlary bar. Häzirki bar bolan tejribelere görä, öýjüge girizilenden soňra, şeýle sanjym güýçli hem uzak wagtlaýyn immuniteti üpjün edýär.

Şeýle hem alymlar rekombinant wektor sanjymlaryny (platformadaky gen sanjymlaryny) döretmegi meýilleşdirýärler. Olar edil tebigy inýeksiýa ýaly hereket edýär. Alymlar bu sanjymlar immun ulgamy kesele garşy göreşmeklige uýgunlaşdyrmakda has hem netijeli bolar diýip umyt edýärler.