Duýgular depderçesini ýörediň

Her gün özüňizi nähili duýýanlygyňyz we bu duýgynyň döremegine nämäniň sebäp  bolandygy barada oýlanyp ýazar ýaly biraz wagt aýryp goýuň. Öz tejribäňiz we duýgularyňyz barada ýörite depderçe ýöretmek bilen siz öz emosional habarlylygyňyzy häs kämilleşdirip bilersiňiz. Şeýle hem siz emosiýalaryňyzy (duýgularyňyzy) döredijilikli beýan edip bilersiňiz. Öz başyňyzdan geçýän anyk duýgulary öz içine alýan sungat eserlerini dörediň, goşgy ýazyň ýa-da saz düzüň.