Haýsy-da bolsa bir emosiýany (duýgyny) yzarlaň

Mysal üçin, begenç ýaly tanyş emosiýalary (duýgulary) saýlap alyň we ony günüň dowamynda yzarlap görüň. Bu duýgynyň sizde günüň dowamynda ýygy-ýygydan peýda bolýandygyna ýa bolmaýandygyna dykgat ediň. Siz hatda şu duýgy her gezek ýüze çykanda muny ýatda saklaň ýa-da ýörite bir depderçede bellik ediň. Şu duýgy peýda bolanda siz  nirededigiňize, kim bilendigiňize we ol dörän pursatynda näme bilen meşgullanyp oturandygyňyza üns beriň. Onsoňam, şol duýgynyň çalajamy, aramrakmy ýa-da güýçli bolandygyna, umuman aýdylanda, bu duýgynyň güýjiniň günüň dürli wagtlarynda dürli güýje eýe bolýandygyna ýa bolmaýandygyna hem dykgat ediň.