Sanjymlar: Artykmaçlyklary howpdan ýokarydyr

Faktlardan başlalyň.

1. Sanjymlar bilen keseliň öňüni almaklygyň artykmaçlygy onuň howpundan has ýokarydyr.

2. Islendik derman serişdesi reaksiýa berip biler, ýöne sanjymyň has agyr täsir döredýän ýagdaýy örän seýrekdir.

Ene-atalaryň ählisi üçin ir-u-giç «Çaga kesele garşy nobatdaky sanjymy etdirmelimi?», «Seýrek duşýan keselden goranmaklyk üçin wagtyňy we nerw işjeňligiňi sarp edeniňe degýärmi?» we iň esasysy hem «Howpsuzmy?» ýaly soraglar ör boýuna galýar.

Sanjym almagyň, aýratyn hem onuň artykmaçlyklary görünmeýän ýagdaýynda mümkin bolan howplaryna düşünmek islegi tebigy ýagdaýdyr. Siz çagaňyzyň keseli döredijiler bilen näçe gezek ýüzbe-ýüz boljakdygy barada we sanjymdan soň onuň immunitetiniň ony näçe gezek gorajakdygy barada hiç wagt bilmersiňiz. Bagtymyza, bu meselä aýdyňlyk bermäge mümkinçilik berýän statistika bar.

Ilkinji nobatda bilmeli zadyňyz şulardan ybarat:

  1. Sanjym almaklyk janyňy halas edýär
  2. Sanjym almaklyk kesellemegiň derejesini düýpli peseltdi
  3. Keseller dolanyp gelýär
  4. Sanjym almaklyk siziň aladalanýan adamlaryňyzy goraýar
  5. Sanjymlar ykdysady taýdan netijeli
  6. Sanjymlar howpsuzdyr