Ýetginjekler näme üçin kontrasepsiýa barada köp bilmeli?

Kontrasepsiýanyň islendik usullary — barýer, gormonal, himiki, biologiki, hirurgiki we beýlekiler esasy maksada ýetmeklige — islenilmeýän göwreliligiň we irki çagany aýyrtmagyň öňüni almaklyga gönükdirilendir.

Emma statistikanyň şaýatlyk etmegine görä, gyzlaryň 1/3 (33%) bölegi 15-19 ýaş aralygynda kontraseptiw serişdelerini göwreliligiň öňüni almak bilen bagly bolmadyk sebäplerde ulanýarlar.

Ýetginjekleriň bu barada bilmegi näme üçin möhüm? Kontraseptiwler başga-da haýsy ugurdaş wezipeleri çözýär?

Kontraseptiwleri lukman belleýär!

Ilkinji nobatda şuny ýatda saklamaly: ISLENDIK KONTRASEPTIWLERI LUKMAN  BELLEÝÄR!

Kontraseptiw serişdeleri barlaglar geçirilenden we analizler tabşyrylandan soň indiwidual ýagdaýda saýlanyp alynýar. Birinji gezekden zerur bolan serişdäni saýlap alyp bilmezlik hem ahmal. Bu bolsa saglyga düýpli täsir edip bilýär.

Şonuň üçin hem internetde berilýän maslahatlara we joralaryň tejribesine arkaýyn bolmaly däl. Hut size laýyk geläýjek serişdäni diňe ginekolog saýlap bilýär.

Gyzlaryň kontrasepsiýa barada bilmekleri näme üçin wajyp?

Sebäbi goranylmadyk jynsy gatnaşygyndan soň — göwrelilik, irki enelik ýa-da çagany aýyrtmaklyk — ilkinji nobatda gyzyň egnine düşýär. Hut gyzyň durmuşy gaýtaryp bolmajak derejede özgerýär.

Şonuň üçin hem gyzlara öz durmuşyny özüniň meýilleşdirip bilmegi üçin bu hadysany nädip öz göz astynda saklap bilmegi barada bilmegi zerur.

Galyberse-de, jyns ýollary arkaly geçýän keselleri ýatdan çykarmaly däl — bu keselleri 30-dan gowrak dürli bakteriýalar, wiruslar we parazitler döredýär. Olar gyzlaryň saglygyna agyr täsir edip bilýär: umumy immuniteti gowşadyp bilýär, kiçi taz organlarynyň sowuklamagyna we önelgesizlige getirip bilýär, adamyň immun ýetmezçilik wirusy bilen keselleme howpuny, ýatgy boýunjygynyň howply täze döremesiniň ösmegine (her ýylda 300 000 ölüm ýagdaýy) we beýlekilere getirip bilýär.

Jyns ýollary arkaly geçýän keselleriň eneden çaga geçmegi çaganyň öň dünýä inmegine, doglandan soň ölmegine, doly ösüp ýetişmezligine, sepsise, pnewmoniýa, neonatal konýunktiwite we dogabitdi kesellere getirip bilýär.

Oglanlaryň kontrosepsiýa barada bilmekleri näme üçin wajyp?

Sebäbi jogapkärçilik — hemişe-de jogapkärçilik bolýar. Özara gatnaşyklarda jogapkärçilik bolsa (hatda gysga möhletli) iki adamyň egnine düşýär.

Üstesine, meýilleşdirilmedik göwrelilik — goralmadyk jyns gatnaşygyndaky ýeke-täk howp däldir. Mundan başga-da, bejergisi pul serişdelerini we wagty talap edýän, ahyrky netijesiniň we gaýra üzülmeleriniň saglyga hem-de galan ömrüňe täsir edýän jyns ýollary arkaly geçýän keseller bar.

Şeýle hem kontraseptiwler şu maksatlar üçin ulanylýar...

Esasy bellenilen maksadyndan başga-da, kontraseptiwler başga-da birnäçe peýdaly ugurdaş täsirlere eýedir. Lukmanlar saglygy bilen bagly dürli meseleli näsaglary bejermekde olardan peýdalanýarlar.

Mysal üçin, zenan kontrasepsiýasynyň iň giň ýaýran görnüşi hökmünde oral gormonal kontraseptiwler (OK) köpsanly funksional ýa-da organiki bozulmalara möhüm derman bolup biler: aýbaşy aýlawynyň bozulmagynyň öňüni almakda we aýbaşy döwründe agyryly alamatlarda, seboreýany, düwürtikleri, alopesiýany bejermekde, kiçi taz agzalarynyň sowuklama keselinde, rewmotoid artridinde, aýbaşy gyzzyrmasynda we beýlekilerde ýardam eder.

Emma bu meseleleriň ählisi toplumlaýyn we LUKMANYŇ BERK GÖZEGÇILIGI ASTYNDA çözülýär.

Aýbaşy aýlawynyň bozulmagy

Irki ýetginjeklik döwründe (10-14 ýaş) gyzlarda aýbaşy aýlawy ýaňy bir emele gelip başlap, yzygiderli hem durnukly bolman biler.

Emma has giçki ýaş üçin bu bedendäki düýpli bozulmalaryň alamaty bolup biler we agyrylara, anemiýa we durmuşyň hiliniň peselmegine getirip biler.

Köplenç halatda, mesele ýumurtgalyklaryň ýeterlik bolmadyk mukdarda gormon bölüp çykarmagy bilen baglydyr. Peroral gormonal kontraseptiwler muňa döz gelip biler we gormonal ulgamy deňagramlylyga getirip biler.

Möhüm! Lukman bilen bilelikde laýyk gelýän serişdäni, möçberi we kabul etmegiň usulyny saýlap almaly.

Düwürtik örtgisi

Pubertat döwürde gormonal üýtgemeler köplenç halatda deri we saç bilen bagly meseleleri ýüze çykarýar: düwürtikler (akne), goňak (seboreýa) ýüze çykýar ýa-da gür saç birden düşüp başlaýar (allopesiýa).

Bu meselelere köplenç estrogen/progestagen utgaşdyrylan serişdeleri döz gelýär. Olar ýumurtgalyklardan sekretirlenýän androgenleri basyp ýatyrýar we jyns gormonlaryny baglanyşdyrýan globulini ýokarlandyrýar. Bu bolsa olaryň ýag mäzlerine we saç follikulalaryna ýaramaz täsirini peseldýär.

Aýbaşydan öňki sindrom (PMS)

Aýbaşydan öňki sindrom — gyzlaryň aglabasy üçin tanyş waka. Hatda oglanlar hem ýu ýagdaýa seýrek duçar bolmaýar. Aýbaşy başlamazdan öň, gyzyň şähdi tiz-tizden üýtgäp bilýär, arkasynda ýa-da garnyndan güýçli agyry döräp biler, iýesi ýa içesi gelip biler.

Endometrioz

Endometriozda ýatgynyň içerki üstüni tutýan örtük ýatgynyň daşyndan ösýär we aýbaşy wagtynda agyryny ýüze çykarýar. Köpsanly aýallar we gyzlar muny aýbaşydan öňki sindrom hasaplaýarlar, emma ol aýbaşy gan akmasyny güýçlendirip we uzaga çekdirip biljek, önelgesizlige getirip biljek möhüm keseldir.

Gormonal kontraseptiwler endometriýanyň deresiniň ösüşini her aýda gözegçilikde saklamaga ýardam edýär we endometriozom bilen bagly agyryny azaldyp ýa aradan aýryp bilýär.

Aýbaşydan öňki sindrom

Aýbaşydan öňki sindrom – bu diňe bir tapdan düşmeklik we aýbaşydan öň şähdiň bozulmagy däldir. Aýbaşy başlamazyndan 1-2 hepde öň başlanýan alamatlaryň hatarynda döş töwereklerinde çiş we agyry, garnyň çişmegi, işdäniň ýokarlanmagy we gaharjaňlyk bar. Käbir adamlarda bu alamatlar şeýle bir güýçli ýüze çykýar welin, hatda gündelik durmuşyna päsgelçilik berýär.

Gormonal kontrasepsiýa serişdeleri owulýasiýany böwetleýär — ýagny, ýumurtga öýjüginiň ýumurtgalykdan ýatgy turbajygyna çykmagyny böwetleýär, netijede, aýbaşydan öňki sindromyň alamatlaryny gowşadyp biler.

Beýleki keseller

Gormonal peroral kontraseptiwleriň ulanylyp bejerilýän beýleki kesellerinden ýumurtga kistalary, adenomioz, ýatgy miomasy (gormon garaşly çiş), kiçi tas agzalarynyň sowuklama keselleri (WZOMT howpuny 50-60% peseldýär), rewmatoid artriti, ýaýran sklerozy bejerýär, astmanyň alamatlaryny azaldýar, şeýle hem döşde položitel ýüze çykmalaryň bejergisinde ulanylýar. Olar şeýle hem ýumurtgalyklaryň howply täze döremeleriniň öňüni almakda, süňkleriň mineral berkligini saklamakda ulanylýar, sesi gowulandyryp we dikeldip bilýär.

Möhüm! Sanalyp geçilen keselleri bejermek üçin islendik gormonal peroral kontraseptiwiniň ulanylmagy, islendik kontraseptiwler lukman bilen ylalaşylmalydyr. Kontraseptiwleriň ulanylmagy talabalaýyk we lukmançylyk zerurlygyndan gelip çykmalydyr.

Gormonal peroral kontraseptiwleri ýöne şeýle KABUL ETMELI DÄL! Onuň howpy peýdasyndan ýokary bolup biler.

Netije

Kontraseptiwleriň ähli görnüşleri — prezerwatiwlerden başlap, göwrelilige garşy dermanlara çenli ählisi islenilmeýän göwreliligiň öňüni almaklyga gönükdirilendir. Şonuň üçin öz durmuşyny, geljegini, maşgalasyny meýilleşdirmek üçin bu barada oglanlar hem, gyzlar hem hökmany suratda bilmeli.

Mundan başga-da, kontrasepsiýanyň dermanly usullary gyzlarda we zenanlarda köp sanly keselleriň emi bolup biler we köp sanly meseleleri çözmekde netijeli peýdalanylýar.