Ýetginjeklerde anoreksiýa we bulimiýa: nädip tanamaly we näme etmeli?

Horlanmagyň kül-külüne düşen ýetginjekler kähalatlar bedenlerini örän howply derejä çenli ýetirip, çenden aşa geçýärler. Bu zatlaryň ählisi ata-enäniň gözüniň öňünde bolup geçýändigine garamazdan, köplenç, olar şeýle meseläniň bardygy hakynda asla güman hem etmeýärler.
Çagalarynyň gün-günden horlanyp, boýunyň uzalyp gidip barýandygyny synlaýan köp sanly ejelerdir kakalar «Bu zatlar gormonlaryň işi!» diýip pikir edýärler we ýetginjegiň barha az iýip-içýändigine ähmiýet hem bermeýärler. Kimdir biri munda ýaramaz üýtgeşmeleri duýsa-da, ol ýöne bir geçiş döwrüdir diýip oňaýýarlar.
«Anoreksiýa» we «bulimiýa» ýaly aýylganç keseller uly ýaşly adamlara moda görkezilişiniň hem-de meşhur adamlaryň şüweleňleriniň bir meselesi bolup görülýär. «Biziň çagalarymyz-ha bu hili güne düşmez» diýip olar pikir edýärler. Emma bu ýagdaý her kimiň başyna düşüp biler.
Anoreksiýa — bu näsagyň özi tarapyndan goldanylýan we/ýa-da ýörite edilýän beden agramynyň bilkastlaýyn azaldylmagy bilen häsiýetlendirilýän aşgazanyň işiniň bozulmagydyr.
Bulimiýa — aşgazanyň işiniň bu hili bozulmagy beden agramynyň aşa gözegçilikde saklanmagy bilen, iýmiti zor bilen bedenden çykarmak arkaly yzygiderli gaýtalanýan aşa iýmitlenmek (iýmit hüjümleri) ýaly kesgitlenilýär.