Özümde bir hili ysyň peýda bolandygyny duýdum. Dezodorantdan peýdalanyp başlamagyň wagty geldimikä?

Belki-de wagt bolandyr. Siziň bedeniňizdäki androgen gan bilen aragatnaşyga girişip, bedeniňiziň ysynyň derejesiniň üýtgemegine alyp barýandyr. Goltugasty oýtumlara niýetlenen dezodorantdan peýdalanmagyň şu meseläniň çözgüdini tapmakda ýardam bolmagy mümkin. Mundan başga-da, goltugasty oýtumlaryňyzy we uýat ýerleriňizi gowuja ýuwmagy ýadyňyzdan çykarmaň.